Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
  • Türkmenistanyň sazandalary özleriniň ABŞ-ly we Merkezi Aziýaly işdeşleri bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýan umumy konsertini taýýarlaýarlar.

    Türkmenistanyň sazandalary özleriniň ABŞ-ly we Merkezi Aziýaly işdeşleri bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýan umumy konsertini taýýarlaýarlar.

  • “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” tarapyndan maliýeleşdirilen Änewdäki metjidiniň mozaika bezeglerini dikeltmek boýunça taslamanyň tamamlaýyş dabarasy

    “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” tarapyndan maliýeleşdirilen Änewdäki metjidiniň mozaika bezeglerini dikeltmek boýunça taslamanyň tamamlaýyş dabarasy

  • Ilçi Mastard 2016—njy ýylyň 1-nji iýulynda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli kabul edişde çykyş edýär.

    Ilçi Mastard 2016—njy ýylyň 1-nji iýulynda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli kabul edişde çykyş edýär.

  • Medeni tanyşdyrmalar, ussatlyk sapaklary, iňlis dili okuwy hem filmleriň görkezilişi barada öwrenmek üçin 2016-njy ýylyň noýabry üçin meýilnamamyzy hödürleýäris.

    Medeni tanyşdyrmalar, ussatlyk sapaklary, iňlis dili okuwy hem filmleriň görkezilişi barada öwrenmek üçin 2016-njy ýylyň noýabry üçin meýilnamamyzy hödürleýäris.

Iň täze habarlar

  • ABŞ-nyň ilçihanasy Daýahatyn kerwensaraýyny gorap saklamaga kömek edýär

    Aşgabat, 2016-njy ýylyň 18-nji noýabry – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard şu gün Lebap welaýatyna "Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy" (AFCP) atly maksatnamasynyň taslamasy bolan Daýahatyn kerwensaraýynyň dikeltmek we gorap saklamak işleriniň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin sapar etdi. Ol şeýle hem taryhy ýädygärlikde ýerine ýetirilen işleriň netijesini gözden geçirdi. 

  • Fulbraýt maksatnamasy

    ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2017-2018-nji ýyllar üçin ylmy işgärlere Wilýam Fulbraýt maksatnamasyna gatnaşmak üçin açyk bäsleşigi yglan edýär. Bu maksatnama ýokary derejedäki ylmy işgärlerine we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna ABŞ-nyň dürli uniwersitetlerinde ylmy-barlag işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Maksatnamanyň dowamlylygy – 3-12 aý aralygy bolup biler. Arzalar 2016-njy ýylyň 15-nji dekabryna çenli kabul edilýär. 

  • Global UGRAD - Halkara talyp alyş-çalyş maksatnamasy

    Halkara talyp alyş-çalyş maksatnamasy (Global UGRAD) ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet işleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. Maksatnama ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplara bir ýa-da iki okuw semestriniň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetlerinde okamaga mümkinçilik berýär. Anketalary kabul etmegiň iň soňky güni: 2016-njy ýylyň 31-nji dekabry. 

  • ABŞ-ny öwreniş institutynyň talyplara niýetlenen “Zenanlar we liderlilk” atly maksatnamasy

    ABŞ-ny öwreniş institutynyň talyplara niýetlenen “Zenanlar we liderlilk” atly maksatnamasyna anketalaryň kabul edilişi başlandy. Maksatnamanyň geçiriljek wagty 2017-nji ýylyň iýun-iýul aýlary. Anketalary kabul edilşigiň iň soňky güni - 2016-njy ýylyň 15-nji dekabry. 

  • Bilim işgärleri üçin Amerikany öwreniş institutlary maksatnamasy

    "Amerikany öwreniş institutlary" (SUSI) maksatnamasy 6 hepdelik bolup, alymlyk derejesini bermeýän, aspirantura häsiýetine eýedir. Bu maksatnama 2016-njy ýylyň tomus möwsüminde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dürli ýokary okuw jaýlarynda amala aşyrylar. Arzalar 2016-njy ýylyň 15-nji dekabryna çenli kabul edilýär.